Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty, geljege gönükdirilen işleriň ynandyryjylykly nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöretmek bilen, ýurdumyzy uly gurluşyk meýdançasyna öwürdi. Türkmen topragy şeýle giň gerimli gurluşyk-gurnama işlerini hiç haçan gören däldir.
Bagtyýarlygyň nyşany bolan kaşaň binalar, giň we ýagty ýollar, ajaýyp seýilgähler obadyr şäherlerimize gelşik berýär. Munuň şeýledigi Lebap topragynyň täze keşbiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Bu il-ýurt bähbitli işler häzirki günlerde hem ýokary depginde, guramaçylykly dowam edýär. Baş baýramyň ― Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynyň geçen aýlarynda bu babatda bitirilen işler, gazanylan netijeler hakynda söhbet açmak örän ýakymlydyr.