Bazarlarymyz ir-iýmiş we miwe önümlerinden doly

18 Iýul 2021
2040

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Düzmergen ýaýlasynda, «Şamülk» meýdançasynyň demirgazyk tarapynda 2-nji bagçylyk hojalygynda miweli baglaryň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bolsa, bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde ýetişdirilýän miweli baglaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ilatymyzyň gök-bakja önümleri, miweler bilen ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak miweli bagçylyk hojalygynyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar.

Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan bagçylyk hojalygynda 750 düýp garaly, 250 düýp ülje, 750 düýp alma, 250 düýp pisse, 750 düýp şetdaly, 500 düýp alça, 250 düýp hurma, 500 düýp armyt, 750 düýp erik agaç nahallary ekilen, jemi 5000-e golaý düýp miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

Toýmämmet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.