ABŞ-nyň aerokosmos edarasy şu ýyl Marsa gondurylan «Ingenuity» dikuçaryndan has ulusyny işläp taýýarlaýar. Bu marsokopter uzak aralyga uçmaga ukyply bolar. «Ingenuity» atly kiçijik dikuçar geçen ýylyň 30-njy iýulynda uçurylypdy. Bu dikuçar gysga aralyga uçup, guşuçar belentlikden Gyzyl planetanyň ýüzüni surata alýar. Taslamanyň şowly bolmagy onuň has uly nusgasynyň öndürilmegine itergi beripdir. Inženerler bir uçuşda birnäçe kilometr ýol geçip biljek dikuçary ýasamagyň aladasyny edýärler. Taslamanyň ýolbaşçysy Teodor Tzanetos adaty marsohod bilen baryp bolmajak dik uçutlaryň diwarlarynyň ýa-da beýikli-pesli ýerleriň, hatda gowaklaryň bu dikuçar arkaly ýakyndan öwrenilip bilinjekdigini aýtdy. Ýeri gelende bellesek, Marsda mahal-mahal öwüsýän güýçli ýel kiçi göwrümli uçaryň uçmagyny kynlaşdyrýar.
Gün şöhlesinden zarýad almak arkaly işleýän «Ingenuity» atly dikuçar häzire çenli dokuz gezek uçuryldy we gymmatly maglumatlar toplandy.