«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar halkymyz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýandygyny görkezýär.
Her paslyň özboluşly aýratynlygy bar. Tomus paslynyň gelmegi bilen Awazada dynç almak, saglygyňy berkitmek örän ajaýyp. Tomus paslynda Awazada bar bolan sagaldyş-dikeldiş merkezleri dynç almaga gelýänlere gapysyny giňden açýar.