Guýularda geçirilen önümçilik-synag işlerinde pirobenziniň guýularyň NKT-de emele gelýän asfalten-şepbik-parafin çökündilerini kanagatlanarly arassalaýanlygy anyklanyldy. Geçirilen barlag işleri kondensatyň eredijilik netijeleriniň pirobenziniň eredijilik netijesinden pesdigini görkezdi. Mundan başga-da, barlaghana şertinde guýynyň düýpýaka zolagyndaky AŞPÇ-ny arassalamak ukybyna tejribe-synag işleri hem geçirildi. Geçirilen barlag işlerine nebitgaz känleriniň dürli çuňluklaryndan alnan hakyky kern daşlary we nebit käniniň AŞPÇ-nyň nusgalyklary hem-de harytlyk nebiti ulanyldy. Tejribe-synag işleri gatlak şertlerine ýakyn ýagdaýda geçirilip, gerekli basyş we ýylylyk derejeleri we şertleri döredildi.
Alnan barlaghana maglumatlaryna esaslanyp, guýynyň düýpýaka zolagynda we NKT-de ýygnanýan AŞPÇ-ny arassalamak üçin Gyýanlydaky polimer zawodynyň goşmaça önümi bolan pirobenzini ulanyp, nebit guýularynda önümçilik tejribe-senagat synag işlerini önümçilikde geçirmek teklip edildi.