Mähriban gelin-gyzlar, eziz ildeşler! Ýurdumyzda ildeşlerimiziň wagtynyň hoş geçmegi we rahat dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Tomus möwsüminiň gelmegi bilen, dynç almaga, saglygyny dikeltmäge isleg bildirýän ildeşlerimiziň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Awazada dynç almagyň düzgünleriniň kesgitlenendigini habar berýäris. Žurnalymyzyň şu sanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we «Awaza» şypahanasynda dynç almagy meýilleşdirýän ildeşlerimize dynç almagyň düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, onuň tertibini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Gözellige imrinmek ynsanyň tebigy häsiýetleriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýerde dynç almagyň saglygyňy berkidip, janyňa hoş ýakýandygyny ýatlamagyň ýakymy başgaça. Tebigy gözelliklere baýlygy bilen tapawutlanýan güneşli Diýarymyzyň çar künjünde dynç almaga we saglygyňy dikeltmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň kenarynyň şypasy, deňiz gözellikleri, ekologiýa arassalygy her bir adamyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga höweslendirýär. Onuň üçin syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalysyňyz.