Hususy pudaga döwlet goldawy

16 Iýun 2021
2402

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, hususyýetçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, bu pudagyň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen kabul edilen bu çözgüt halk hojalyk toplumynyň döwlete dahylsyz böleginiň işini netijeli we sazlaşykly ösdürmekde nobatdaky ädimleriň biri boldy.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän ýurdumyzda hususy pudagyň işini ilerletmegiň esasy wezipesi telekeçiligi höweslendirmek arkaly ýokary durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde hususy haryt öndürijilere ýardam etmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda zerur bolan hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilip, ol eksport-import amallaryny ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlary bermek ýaly çärelerde öz beýanyny tapýar. Bu günki gün türkmen telekeçileri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumynda, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar hem-de gurluşyk senagaty ýaly ugurlarynda iş alyp barmak bilen, elektron senagaty ösdürmekde, innowasion tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri döretmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.