Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgalanyň çaga terbiýelemäge siňdirýän zähmetiniň ähmiýeti hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Kitapda: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär» diýlip bellenilýär.
Ýaş nesilde çagalykdan halal zähmete söýgi döretmek ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebidir, şeýle ruhy-ahlak ýörelgeleri umumadamzat gymmatlyklarydyr. Bular bolsa Gahryman Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ussatlyk bilen beýan edilýär. Adam halal zähmeti bilen belent mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.