Peder pendi — perzent borjy

3 Iýun 2021
1981

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň jemagat hojalygy müdirliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçirilen duşuşygy etrabyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa agzalan müdirligiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilat arasynda geçirilýän her bir maslahata duşuşykda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleridir özgertmeleri, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty dogrusynda gürrüň edilýär, olaryň taryhy ähmiýeti düşündirilýär. Nobatdaky duşuşykda ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda, perzent — ata-ene gatnaşyklary, maşgala mukaddesligi, milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, gymmatly däplerimiz barada täsirli söhbet açyldy.

Ylýas RAHMETOW,
Gökdepe etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.