Salam tomus, hezil döwrüm, şatlandyrýaň çaga göwnün!

2 Iýun 2021
2641

Her ýylyň tomus pasly mekdep okuwçylary üçin iň gyzykly we iň hezil döwür bolup, bu döwürde çagalar wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, welaýatymyzda hereket edýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» we «Gunça» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem-de orta mekdeplerde döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalary körpeleri gujak açyp garşy alýar.

Golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň howlusynda aýdym-sazly dabara boldy. Dabarada şadyýan çagalaryň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Bu ýerden mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tomus hezillikleriniň hözirini görmäge ugradyldy. Dürli reňkli şarlardyr toý baglary bilen bezelen awtobuslara münen çagalar dostluk aýdymyny aýdyp, ady agzalan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ýola düşdüler.