Döwletimiziň binýadynyň berkligini onuň bir ülüşi bolup durýan maşgalalaryň bagtyýarlygy bilen ölçerýän hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Görogly etrap medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde döwlet durmuşyny ösdürmekde zenanlaryň orny, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemek, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň durmuş mekdebini açyp görkezýän gymmatly taraplaryny wagyz etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Bahargül Garaýewa çykyş edip, jemgyýetimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň zenanlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekmek bilen, gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýandyklary, maşgala ojaklarynyň abat, abadan bolmagyny üpjün edip, Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýändikleri barada belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, zenanlar hakdaky aladanyň, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny giňeltmek ýaly wezipeleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, maşgalalary goramak, gymmatlygyny berkitmek, maşgala agzalarynyň arasynda agzybirligi pugtalandyrmak, ýaş nesli ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek babatda zenanlaryň borçlary we wezipeleri dogrusynda aýtdy.