Bagtdan paýly eneler

26 Maý 2021
2401

Golaýda ýurdumyzda giňden baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ata-enelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy, mähirli gutlaglar beýan edildi. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde şol gün ilkinji dünýä inen körpejeleriň ikisi hem maşgalalaryň ilkinji çagalarydyr. Selbi we Islam Orazmyradowlaryň maşgalasynda doglan oglanjyga Aşgabat, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen gyzjagaza bolsa Merjen diýip at goýuldy. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Bäbejikleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji dünýä inen çagajyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini ähli halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol sanda bu ýaş maşgalalar hem belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza Merjen adyny dakmak kararyna geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň abadan hem-de bagtly durmuşda kemala gelmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.