1941—1945-nji ýyllaryň urşy başlananda Sapargül ýaňy on bir ýaşyny doldurypdy. Ulularyň: «Uruş turupdyr» diýen habaryny çaga kalby birbada nähili kabul etjegini bilmedi. «Kim kim bilen uruşýar, nämäniň üstünde uruş bolýar?» Gyzjagaz bu sowallaryň jogabyny kakasy — kümüş ussasy Açyl aganyň ýanyna gelýän oba ýaşulularynyň gürrüňlerinden gözleýärdi. Indi olaryň gözlerinde öňki şatlyk ýokdy, biri-birine ýomak atyşyp, degşip-gülüşmeýärdiler. Köplenç, dymýardylar. Doýagarna iýlip, ýüpek-parça geýilmese-de, öň oba içi asudady. Her kim öz gün-güzerany bilendi. Toýam edilerdi, şatlygam bolardy. Gyzlar üýşüp läle-de kakardylar. Aýal-gyzlar gowaça ýekeläp, otag otap, pagta ýygymyna gatnaşsalar, erkek kişiler ýer sürerdiler, ýap gazardylar, maldarçylyk bilen meşgullanardylar. Ganym uruş obanyň bu asudalygyny bozdy. Her öýden urşa diýip gidýänleriň sany köpelip ugrady. Obada aýal-ebtat, oglan-uşak diýmeseň, erkek göbekliden işe ýaramlysy galmandy.
Şol günleriň birinde Açyl aga-da çakylyk haty geldi. Ol hoşlaşanda, ýanýoldaşy Jumagül ejä sargyt baryny etdi: «Çagalary hor etme. Sen kolhoz işine gatnasaň, Abdysemet jan mellege, mal-gara kömekleşer. Ekin-dikin bitip, ak-gök bolup dursa, horluk çekmersiňiz. Gerek diýseler, front üçin kümüş şaý-sepleriň ählisini ber. Biz, nesip bolsa, ýeňiş bilen dolanyp geleris».