22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi tokaý zolaklarynyň sazlaşykly ösüşini, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Ählihalk ýowary giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Asylly çäräniň dowamynda ozal oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler görüldi, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm ugry bolan BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibine» laýyklykda, ekologiýa örän uly üns berilýär. Häzirki wagtda Aşgabady bagy-bossanly şäher hökmünde tanaýarlar, çünki tomsuň jokrama yssysynda hem gül-pürçük bolup oturan ýaşyl baglar, daş-töwerege salkyn paýlaýan suw çüwdürimleri göreniň gözüni dokundyrýar.