Ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler

23 Maý 2021
586

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk we bu ugurda geçirilýän wagyz-nesihat işleri barada beren maglumatlaryny diňledi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuş ugruny nazarlaýan milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar