Öwrenjegiň çynyň bolsa...

20 Maý 2021
2240

Ir döwürlerde Bahaweddin Nagyşbendiniň ýanyna şägirtlige höwesek ýaşlar örän köp gelipdir. Olaryň ählisiniň maksady ussadyň şägirdi bolmak, edep-terbiýe, ylym-bilim almak bolupdyr. Nagyşbendi şägirtlige gelen her bir dalaşgärden ylym-bilim almazdan ozal, haýsy hünäriň hötdesinden gelýändigini soraýan eken. «Haýsy hünärden başyň çykýar?», «Nähili işleri başarýaň?» diýen mazmunly sowallara jogap bermek şägirtlige kabul edilmegiň ilkinji şertleri eken. Ol islendik bir hünärden başy çykýan dalaşgärleri şägirtlige kabul edipdir. Hiç bir zähmet görmedik dalaşgärlere bolsa: «Ylym öwrenjekligiň çynyň bolsa, bar bir hünär öwren. Zähmetiň tagamyny datmadyk, ylmyň hötdesinden gelmez. Her kim ylma taýýarlykly gelmelidir, ylymda üstünlik gazanmak üçin halal zähmet ähli zatdan ähmiýetlidir» diýip, yzyna ugradar eken.

***

Taýýarlan :Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar