Ekologiýa abadançylygyna goşant

17 Maý 2021
1860

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dowam edýän ekologiýa çäresine paýtagtymyzyň etraplarynyň, şeýle-de welaýatlaryň ýaşaýjylary, aýratyn hem ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreleriň uly goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle çäreler jemgyýetde tagallalaryň birleşdirilmegine, adamlaryň sagdyn durmuş, parahatçylyk we ylalaşyklyk, döredijilik hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň töwereginde has berk jebisleşmegine ýardam edýär.

Ekologiýa çärelerine gatnaşýan Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary Ak bugdaý etrabynyň çäginde bellenilen badalgadan ugur alyp, welaýat merkezine tarap welosipedli ýola düşdüler. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän ildeşlerimize paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky tebigy gözellikler, kaşaň binalaryň görkana keşbi ruhy lezzet berdi.

(Ýörite habarçymyz).