Ter önümiň berekedi

20 Aprel 2021
2390

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ilaty özümizde öndürilýän azyk önümler bilen üpjün etmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji martda Kaka etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem-de göni aragatnaşyk arkaly welaýatlarymyzyň ählisinde gurlan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegine ak pata bermegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Welaýatlarymyzda açylyp ulanylmaga berlen täze ýyladyşhanalarda pomidoryň we beýleki ekinleriň bol hasyly ýetişdirilip, halkymyz gündelik durmuşda zerur bolan ter gök önümleriň gerekli möçberi bilen üpjün edilýär. Birbada işine badalga berlen ýurdumyz boýunça täze ýyladyşhananyň 6-synyň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Olar umumylykda bir ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Bu ýyladyşhanalar ýurdumyzyň raýatlary üçin iş orunlarynyň 400-sini özünde jemleýär. Ildeşlerimiziň yhlasly halal zähmeti bilen öndürilen gök önümler diňe bir ilatymyzy däl-de gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny azyk çig maly bilen üpjün etmäge we azyk önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga hem ýardam eder.

Maksat GULLAÝEW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.