Mobil telefonlarymyzdyr smartfonlarymyzda kitaplary, gyzykly maglumatlary, hyzmatlar ulgamynyň ençeme görnüşlerini özünde jemleýän gollanmalaryň, mobil goşundylaryň onlarçasy bar. Olar arkaly wagt ýitirmezden, dürli amallary ýerine ýetirip, bilimiňi artdyryp, gerekli maglumatlary tapyp bolýar. Şeýle gollanmalaryň biri talyp ýigit Isa Annamyradow tarapyndan esaslandyrylyp, ýakynda köpçülige ýaýradyldy.
Iňlis dili iň iri halkara aragatnaşyk dili hasaplanýar. Bütin dünýäde ony öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany millionlarça. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hem ýaş nesillere daşary ýurt dillerini, şol sanda iňlis dilini öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şu jähetden, talyp ýigit Isanyň esaslandyran, häzirki wagtda «Play Market» gollanmalar dükanyna ýerleşdirilen «Germew» elektron gollanmasy örän ähmiýetlidir.