Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleri, özgerişleri bütin dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly geljegi nazarlaýar. Döwletimiziň halkara derejesindäki at abraýy gün-günden artýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, alnyp barylýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda täze derejelere çykdy. Türkmeniň medeniýeti, taryhy, milli mirasy halkara derejesinde öwrenilýär we giňden wagyz edilýär. Bu babatda bilim edaralarynda hem giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe maslahatlar, söhbetdeşlikler geçirilip durulýar. Bu bolsa mugallymlaryň tejribe alyşmaklaryna, talyp ýaşlaryň bolsa, bilimlerini kämilleşdirmeklerine uly ýardam berýär. Ýaňy-ýakynda biziň bilim ojagymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly halkara maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerini we serkerde şahyr Baýram han Türkmeniň edebi döredijiligini dünýä ýaýmakda we wagyz etmekde örän uly ähmiýeti bolan göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara maslahata 34-den gowrak döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarydyr tejribeli edebiýatçy mugallymlary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Beýik Ýüpek ýoly, Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň ösüş taryhy, medeni mirasy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda täsirli gürrüň etdiler. Biziň bilim ojagymyzdan gatnaşan mugallymlar hem ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäherler we olaryň gadymylygy, medeniýeti dogrusynda gürrüň etdiler.