Şu ýylyň 19-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berlipdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen maksatnama boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini bermek bilen, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça birnäçe işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şolaryň hatarynda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem bellenilipdi.
Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiler hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere önjeýli goşant goşýar. Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçilýär. Biz hem ynsan saglygy we ekologiýa üçin peýdaly ulaglary — welosipedleri kireýine bermek, bejermek we ideg etmek boýunça hyzmatlary hödürleýän «Uçgun» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyk.