Önümçiligiň gerimi giňeldilýär

3 Aprel 2021
2158

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ba­zar gat­na­şyk­la­ry şert­le­rin­de ýig­ri­mi ýyl bä­ri yg­ty­bar­ly he­re­ket ed­ýän «Hi­lal» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da ýum­şak me­bel­le­ri ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dy gur­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Umu­my tut­ýan meý­da­ny 2 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan tä­ze kär­ha­na­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry hem-de eda­ra bi­na­la­ry üçin ni­ýet­le­nen dür­li me­bel­le­riň, bir­nä­çe bö­lek­den yba­rat bo­lan me­bel dü­züm­le­ri­niň ýyl­da 2 müň sa­ny­sy­ny ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýer­li önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni hem-de ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek tä­ze za­wo­dyň işe girizil­me­gi bi­len, dür­li hü­när­li ýaş­la­ryň 200-si iş bi­len üp­jün edi­ler.

Hä­zir­ki wagt­da bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň öň­den he­re­ket ed­ýän önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri­niň dör­dü­sin­de sarp ediş ba­za­ry­nyň ös­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän önüm­le­riň 20-den gow­rak gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şeý­le önüm­le­riň ag­la­ba­sy kär­ha­na­nyň «Je­ren­ler» at­ly dü­ka­ny ar­ka­ly ila­ta sa­tyl­ýar. We­la­ýa­tyň dür­li kün­jek­le­rin­de gu­rul­ýan tä­ze bi­na­lar­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da «Hilal» hu­su­sy kär­ha­nasynyň ön­dü­r­ýän plas­tik pen­ji­re­leri, agaç­dan we de­mir­den ýa­sa­lan ga­py­lary otur­dyl­ýar. Gur­lu­şyk edara­la­ry­nyň, hu­su­sy bu­ýrujy­la­ryň sar­gyt­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bu te­le­ke­çi­lik dü­zü­mi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Aman­my­rat SA­PA­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz).