Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

1 Aprel 2021
1429

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, taýýarlanylan meýdanlara gowaça tohumlary taşlandy. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir.