«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlişi ýaly, çaga maşgalanyň ezizligi bolup, ata-ene onuň terbiýe mekdebidir. Maşgalada çaga terbiýesini ata-ene özüniň ilkinji borjy hasaplap, çaganyň gylyk-häsiýetine ünsli garamalydygyna, oňa söýgüsini, mährini gaýgyrmaly däldigine düşünmegi zerurdyr.
Hemmelere mälim bolşy ýaly, çaga görenini etmegi, ulularyň hereketini gaýtalamagy endik edinýär. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ilki bilen maşgalanyň agzybirligi, asyllylygy möhümdir. Çaganyň edýän hereketlerine «aý, çagadyr» diýip biperwaý garamak bolmaýar. Her bir ata-ene öz perzentleriniň köpçülik ýerlerinde, mekdepde, çagalar baglarynda deň-duşlary we uly ýaşly adamlar bilen özlerini alyp baryşlaryny gözegçilikde saklamalydyr. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere höweslendirmek zerurdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, ata-eneler ýaş çagalaryna has köp wagt sarp etmelidir. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere ugrukdyrmak, ulalansoň edepli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine uly täsir edýär. Çaga terbiýesinde halallyk, arassa ahlaklylyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetlere aýratyn üns berilýär.