Eli — em, dili — melhem

29 Mart 2021
3071

Mähri — zor, terbiýesi — zer mähriban enelerimiz dünýäň söýgüsine, hormatyna mynasyp beýik ynsanlardyr.

Nirede okanym ýa-da kimiň aýdany ýadyma düşenok. Ýöne, «Ýeke-täk zatlaryň ählisi-de mukaddesdir. Şonuň üçin-de, şol mukaddeslikler dünýäň söýgüsine, hormatyna mynasypdyr. Şol mukaddeslikleriň iň naýbaşysy enedir, Watandyr» diýen sözler welin, kalbymyň töründen hemişelik orun alypdyr. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Ene Ýer ýüzünde beýik söýgä, hormata, mertebä, mynasyp bolan iň mähriban ynsandyr. Ene — bu mähir-muhabbetiň, gözelligiň hem gönezligiň, söýginiň hem bagtyň ojagy. Eýsem, ene gujagy ýaly ýylylyk, näzik elleri ýaly ýumşaklyk, ezizligi ýaly mähribanlyk dünýäde barmyka?! Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly adamzatda bar bolan ähli ajaýyplyklar Günüň altyn nurundan we ene mährinden kemala gelýär. Watanymyzyň ata, göbek ganymyzyň siňen topragymyzyň enä deňelmegi-de şondandyr. «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýen çuňňur mana ýugrulan söz türkmen jemgyýetinde, gör, haýsy döwürlerden bäri ýol-ýörelgä öwrülip galypdyr. Mähriban enelerimiz barada goşgy ýazmadyk şahyr, aýdym-saz döretmedik kompozitor, sazanda, olaryň keşbini döretmedik suratkeş, megerem, az-az bolsa gerek. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň hem-de tutuş gündogaryň şahyrlary, sazandalary hem-de suratkeşleri zenanyň gaýtalanmajak gözelligini Asmanyň nury bolan Günüň we Aýyň keşbine, göreniňden göwnüňi göterýän owadan gülleriň tebigy gözelligine deňäpdirler. Zenan gözelliginiň çuňlugyny, çäksiz öwüşginli dünýäsini wasp edipdirler. Şol eserleriň üsti bilen olar zenana — enä çuňňur hormat goýmagyň şöhratly däplerini bize miras goýupdyrlar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
žurnalist.