Mälim bolşy ýaly, 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan ýyladaşhanalaryň açylyşyna sanly ulgam arkaly ak pata berdi. Bu taryhy waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem ilatymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bazar bolçulygyny döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini, halk hojalygynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzyň uly tejribä eýedigini ýene bir gezek äşgär etdi. Şol gün milli Liderimiziň sahawaty bilen welaýatymyzyň Görogly etrabynyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumy hem açylyp ulanylmaga berildi. Bu dabaraly çärä welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýyladyşhananyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetiren «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktory Maksat Gurbandurdyýew çykyş edip, ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Soňra welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Aýdym-sazly çykyş hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň waspy bolup belentden ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda täze ýyladyşhana toplumy hakynda gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.