24-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda «Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara maslahaty Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde onlaýn görnüşinde guradylar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wideoaragatnaşyk esasynda geçen duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem beýleki habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler.
Halkara metbugat maslahatyna «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTaj» Döwlet habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň, Gruziýanyň «TV-24» teleýaýlymynyň, Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.