Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalar açylyp, ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalara degişli täze ýyladyşhanalar özümizde öndürilýän önümler bilen ilaty doly üpjün etmek, ýokary isleg bildirilýän gök önümleriň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberini artdyrmak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň nobatdaky mysalyna öwrüldi. Habarçylarymyz dabara gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdiler.