Gözellik döredýän «Mähirli zenan»

25 Mart 2021
2680

17-23-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň çäklerinde ökde dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň dabaraly görkezilişi boldy. Onda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, «Mähirli zenan» modalar öýüniň, «Gül Zaman» gül we modalar merkeziniň milli lybaslary görkezildi.

Biri-birinden ajaýyp milli lybaslar türkmen gözelleriniň gözelligi bilen utgaşyp, dabara gatnaşan myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabarada «Mähirli zenan» hususy kärhananyň «Mahmal ýürekli mähirli zenan» atly kolleksiýasyndan görkezilen saýlama lybaslar özboluşly gözelligi bilen tapawutlandy. Biz hususy kärhananyň bölüm müdiri Jemal Ataýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda alyp barýan işleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

Söhbetdeş bolan ýörite habarçymyz.