Agzybir maşgala ― bagtyýarlykdan nyşan

23 Mart 2021
4156

Maşgala diýmek, uç-gyraksyz deňizde ýüzüp barýan gaýygyňyzy iki bolup küreklemek diýmekdir. Deňizde bolsa duýman durkaň gaý-tupanam, harasadam gopuberýär. Ýürekler bir bolanda, arzyly kenar daşda däl. Maşgalada döreýän ownuk-uşak düşünişmezliklere ýüz berip, olary ulaltmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir. Ýakynlaryňy alada goýman, her bir meseleden özüň baş alyp çykyp bilseň, gatnaşyklar hem uzagyndan bolar, maşgala gymmatlygy hem goralar.

Ýaşaýşyň dowamatyny esaslandyrýan hem maşgaladyr. Şonuň üçin-de döwletiňem, jemgyýetiňem esasy birligi bolan maşgalanyň abatlygyny gorap saklamak biziň ählimiziň borjumyzdyr. Her birimiz ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelere ygrarly bolmak bilen, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde elimizde baryny gaýgyrmaly däldiris. Biz näçe ösen jemgyýetde ýaşasak-da, deňli-derejeli toý tutsak-da, bagty, onda-da maşgala bagtyny öz elimiz, ýürek mährimiz, soňsuz yhlasymyz bilen gazanmalydyrys. Bu bolsa kämil jemgyýeti kemala getirmäge ýardam eder.