Maksada okgunly türgen

23 Mart 2021
1958

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek babatynda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Obalarymyzda, şäherlerimizde sanlyja ýylyň içinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap, häzirkizaman enjamly sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary türgenleriň göwnejaý tälim alyp, kämilleşmeklerine, bedenterbiýäniň we sportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna giň şertleri döretdi. Şeýle şertlerden ýerlikli peýdalanýan türgenlerimiz bolsa barmak büküp sanardan kän. Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sanjar Kamilow hem ýaşlygyndan sport bilen meşgullanyp, geçirilýän ýaryşlarda guwandyryjy netijeleri eýeleýän ýaş türgenleriň biri. Birinji synpdan bäri etrapdaky sport mekdebine gatnaýan Sanjar ol ýerde tälimçi Anwarjan Kurbanowdan tälim alýar. Onuň etrap, welaýat we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bolsa bir ýa-da iki däl.

Ol 2018—2019-njy ýyllarda adaty karate boýunça welaýatyň açyk çempionatlarynda üç gezek 2-nji orna mynasyp boldy.