«Akylly» şäherler konsepsiýasy maglumat jemgyýetiniň aýdyň geljegini nazarlaýar

19 Mart 2021
2324

Maglumatlar jemgyýeti, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly ençeme düşünjeler durmuşymyza giňden ornaşýar. Elbetde, bularyň ählisi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ösüşi esasynda kemala gelip, birnäçe aýratynlyklary, şol sanda ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny özünde jemleýär. Geljegi nazarlaýan bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ilki bilen, «akylly» şäher düşünjesiniň häsiýetli aýratynlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine göz ýetirmek gerek. Maglumatlar we aragatnaşyklar tehnologiýalary bilen internet ulgamynyň sazlaşygyndan döredilen «akylly» şäherde edara-kärhanalar, mekdepler, kitaphanalar, hassahanalar, ýol-ulag düzümleri, jemgyýetçilik hyzmatlary ýaly möhüm ugurlar bir bitewi elektron ulgam arkaly dolandyrylýar. Maglumatlaryň şeýle elýeterliligi hyzmatlar ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ep-esli gowulandyrmaga, zerurlyklary gysga wagtda amala aşyrmaga şert döredýär. Hut şonuň üçin-de, ilatymyzyň sosial-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly gurşawy döretmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň esasy wezipesi hökmünde kesgitlän milli Liderimiz bu babatda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda sanly we IT tehnologiýalar arkaly işlenilip düzülen Aşgabat-siti hem-de Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň taslamalary bu babatdaky möhüm işlerdir.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, "Nesil".