Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda dünýä ölçeglerine gabat gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary halkymyza hyzmat edýär. Şolarda ýokary derejedäki iri ýaryşlary geçirmäge hemme mümkinçilik bar. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmagy we ata Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegi üçin zerur tagallalar edilýär. Bu gün türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara eýe bolýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy sport döwletine öwürmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallasynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň miwesidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, eziz Diýarymyzda ýokary netijili sport hereketi giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ähli ilaty, aýratyn-da, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýär.
Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň sportunyň ösüşine kuwwatly itergi beren we ony hil taýdan täze belentlige çykaran çuňňur oýlanyşykly, täzeçil syýasaty alyp barýan milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz şu dabaranyň türkmen sporty üçin, bütin ýurdumyz üçin ähmiýetli wakadygyny belledi. Mähriban Arkadagymyz Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn belledi. Bu ajaýyp ýeňiş doly kanunalaýykdyr. Munuň özi eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge, adamlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga gönükdirilen deňi-taýy bolmadyk döwlet syýasatymyzyň netijesidir.