Telekeçilik: hususy başlangyçlar, sazlaşykly işewürlik

17 Mart 2021
2310

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi açylyp, onuň işine birleşmäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň ençemesi gatnaşdy. Şeýle hem bu ýerde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, telekeçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň kadaly hereket etmeginiň kepili hökmünde çykyş edýär. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmegi bolsa, öz gezeginde döwletiň kuwwatyny artdyrmagyň, ilatyň bolelin ýaşamagynyň zerur şertidir. Şoňa görä, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda has-da dabaralanýan bu taryhy waka ýurdumyzyň telekeçileriniň ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini açyp görkezýär.

"Nesil".