Yhlasymyzy gaýgyrmarys
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, indi bag ekmek çäresi giň gerime eýe bolup, zähmet baýramçylygyna öwrülýär. Ýylyň--ýylyna müňlerçe düýp miweli, saýalyk we pürli agaç nahallary oturdylyp, olara ideg ýola goýulýar. Milli Liderimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, durmuşa geçirilýän şeýle sogaply işleriň netijesinde Garaşsyz döwletimiziň çar künjeginde tokaý zolaklary kemala gelýär. Gözel ülkämiz bagy-bossanlyga öwrülýär.