Her bir ynsan ýüregine üýtgeşik duýgulary bagyşlap, döredijilik adamlarynyň kalbyny joşduryp heýjana salýan bahar pasly geldi. Säher bilen penjiräni açanyňda, baharyň hoştap howasy näziklik bilen içeri girýär. Gündizler gyş gijeleri ýaly uzaldy. Şatlyk-şagalaňa berlen tebigatyň goýnunda gülden-güle gonup ýören kebeleklerdir balarylary gizlenpeçek oýnaýana meňzeýär.
Gün mazaly ýokary göterilenden soň şäheriň şowhuny artyp başlady. Köçeleriň gyrasyndaky ýaňy pyntyk ýaran baglar alabaharyň gelenini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Adamlar eýýam pasla görä al-ýaşyl reňkli ýeňiljek geýimleri geýinipdirler. Günüň ýiti şöhlesinden heder edip gaşlaryny çytsalar-da, olaryň kalbynda baharyň joşguny bar.