Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şonuň esasynda 2021-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýandygyny, onuň hem halkara gatnaşyklarda oňyn netijeleri berýändigini nygtaýar. Bu şygaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň watançylyk ruhuny belende götermekde, ýaş nesli gözel Diýarymyza buýsanç, çäksiz söýgi we wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.