Ynsanlyk borjumyz

15 Mart 2021
1924

Ynsanyň durmuşy tebigat, daşky gurşaw bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki tebigat biziň umumy öýümizdir. Şonuň üçin-de, tebigy baýlyklarymyzy goramak, daşky gurşawyň arassalygyny saklamak diňe bir döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolman, eýsem, her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda ýer-suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Tebigatyň baýlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we olardan aýawly peýdalanmak çygrynda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.

Sapar ŞAÝYMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.