Her damjasy eşrepi

15 Mart 2021
1962

Halkara jemgyýetçiliginde suwa bolan oňyn garaýşy ösdürmekde BMG-niň daşky gurşawy goramaga bagyşlap 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçiren maslahatynda Bütindünýä suw gününi bellemek barada öňe süren teklibiniň hem-de kabul eden Kararynyň uly ähmiýetiniň bolandygyny aýtmak gerek. Çünki dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldaw tapan bu resminama esasynda şondan bäri her ýylyň 22-nji martynda Suwuň bütindünýä baýramçylygy — Suw serişdeleriniň Bütindünýä güni bellenip geçilýär. Şol gün suwy arassa saklamak, tygşytly peýdalanmak, deňiz-derýalary hapalamazlyk, ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawy aýawly saklamak barada halkara ylmy maslahatlary geçirilýär. Suw ýetmezçiliginden kösenýän döwletlere kömek bermegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Dünýä döwletleriniň tagallalarynyň birleşmegini talap edýän süýji suwy rejeli we aýawly peýdalanmak, hemmelere elýeter etmek hakyndaky meseleler babatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem ýokary işjeňlik görkezýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65, 66-njy hem-de ondan soňky mejlisleriniň birnäçesinde, 2012-nji ýylyň iýunynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda çykyş edip, ençeme möhüm meseleler bilen birlikde, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen bagly umumadamzat ähmiýetli teklipleridir başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasyna uly ornuň degişlidigini anyk deliller arkaly beýan etdi.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.