Aý, gün dursun dünýäde, ejem dursun dünýäde...

2 Mart 2021
3014

Biziň ählimiziň mekdep döwrümizde bu goşgy setirlerini ýat tutup, aýtmadygymyz ýok bolsa gerek?! Eneler barada näçe söhbet açsaňam az. Olar barada köp zat aýdylan ýaly hem bolsa, ondan-da köp zat aýdylmagyna garaşýar.

Çaganyň çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlan günlerinden, ejesine bolan garaýşy düýpleýin üýtgäp ugraýar. Hemişe ýanynda gezip, ejesiniň mährinden isledigiçe ganyp ýören çagajyk birden başga dünýä düşen ýaly ýagdaýa düşýär. Tizräk ejesiniň didaryny görmäge howlugyp ugraýar. Agşam çagalar bagyndan gaýdyp gelen ýa-da mekdepden dolanan okuwçynyň öýleriniň gapysyny açan badyna ilki aýdýan sözi, berýän sowaly, ýüzlenmesi «Eje!». Bu endik has ullakan adam bolanymyzdan soň hem dowam edýär. Gyz maşgala has-da ejä höwrügen bolýar. Gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýilýär. Şol ada mynasyp bolup dogduk öýüňi gaýyn öýüne, gyzlyk dünýäňi gelinlik dünýäsine çalşan günüňden ataň öýüňe myhmansyň. Arzyly myhman bolup ataň öýüne myhmançylyga barsaň, öz ýanyňda ikiden-üçden çaga bolsa-da, birdenkä öňüňden kakaň çykyp: «Tüweleme, geliň bakaly, gyzym, sag-gurgun gezip ýörmüsiňiz, öý-içeriler saglykmydyr?!» — diýip, gara-gadyr bolup, beren sowallarynyň ählisine bir agyz: «Hudaýa şükür, saglyk, kaka, hany ejem?”–diýip, şol pursat eglenmän sorag berersiň. Ejeň öýde bolsa «düşegiň ýumşar», niçikmi, ejeň ýogam bolsa, turmak bilen boluberersiň. Kakaňam bu ýagdaýa beletdir. Soňabaka öňüňden çyksa: — «Ejeňem bar, geliň bakaly!»— diýip, soňra hal-ýagdaýyňy sorap ugrar. Bu ýagdaý hemmelere-de mahsus bolsa gerek.

Gülşirin HANOWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy.