Eýjejik hem şadyýan gyzjagazlar

1 Mart 2021
938

Şu günler Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Olarda birinji, ikinji orunlary eýelänler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry 3-nji orta mekdepde geçirilip, onda eýjejik hem şadyýan gyzjagazlaryň 16-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar Garaşsyz ýurdumyzyň beýik ösüşleri, bagtyýarlyk, agzybirlik, sport barada aýdymlary ýerine ýetirdiler, milli lybaslaryny şahyrana sözler bilen wasp etdiler, goşgulary labyzly okadylar.

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Etrek etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar