Fotosuratyň taryhy

26 Fewral 2021
2879

Biziň gündelik durmuşymyzda birentek täsin, gyzykly wakalar we pursatlar bolup geçýär. Şolary soňlugy bilen ýatlamakda, olardan käbir pursatlary saklap galmakda bolsa fotosuratlaryň ähmiýeti uludyr. Olar biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çünki janly suratlar özümizi şol wakanyň içinde ýaly duýmagymyza ýardam edýär.

Ilkinji fotoapparatlaryň döredilenine, iki ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Fotoapparat baradaky maglumatlar XVI asyr bilen senelenýär. Jerolama Kardana atly ugurtapyjy bir ýigit dörtburç gutynyň içine linza ýerleşdirip, ilkinji fotosuraty çykarmagy başarýar. Ýöne şol surat onçakly dury bolmandyr. Bu ugurda edilen gözlegleriň netijesinde 1727-nji ýylda ilkinji synanyşyklar başlanýar. Iogan Şuls atly bir adam duz bilen kümüşden peýdalanyp, has dury görnüşdäki fotosuratlary çykarmagy başarýar. Häzirki döwürde görýän fotosuratlarymyza çalymdaş ilkinji suraty bolsa 1820-nji ýylda Neps atly suratkeş köpçülige görkezýär. Emma fotoapparatyň tehniki enjamyny döredijiler hökmünde ilkinji gezek taryha giren Luiý Žan bilen Monde Dagerdir. Bu enjam döredilenden soň, Germaniýada satuwa çykarylan gabarasy kiçi, ýokary hilli fotosuratlary bermek mümkinçiligine eýe bolan fotoapparatlaryň ýasalmagy, öňe tarap ynamly ädilen ädimleriň biri bolýar. Soňlugy bilen kem-kemden fotosuratlar dürli habar beriş serişdelerinde ulanylyp başlanýar. Žurnalistika hünäriniň fotožurnalistika bölüminde giňden peýdalanylýan fotosuratlar, gazet-žurnallarda berilýän wakalary giňden açyp görkezmäge ýardam edýär. Her bir okyjynyň habary ilkinji gezek gören pursadynda, onda ýerleşdirilen fotosuratlaryň täsinligine gözi düşýär. Fotosuratlar näçe täsinden täsirli bolsa, şonça-da okyjyny habara çekmek aňsat bolýar.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Diýar».