«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ata Watanymyzyň halkara derejesindäki sport abraýyndan nyşandyr. Munuň özi ýurdumyzda sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendiginden habar berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyna ähli taraplaýyn taýýarlyk görülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde bu abraýly ýaryşyň nyşanynyň, sport lybaslarydyr welosipediň bezeginiň taýýarlanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.