Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

25 Fewral 2021
1448

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

(TDH).