Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýamak, ony mertebelemek ýaly asylly ýörelgeler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. «Maşgalam — baş galam» diýilýär. Diýmek, sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasy bolup durýar. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolan wagty şol ýerde beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär.
Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bir tymsal getirýär. Onda türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi tapmak barada arap halyfynyň beren buýrugyna küt-küt kitaplaryň içinden toplanan maglumatlaryň diňe ýekejesini, ýagny ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk diýen ajaýyp jümläni mysal getirmek ýeterlik bolupdyr.