Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Mähriban halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.