Bir gezek akyldarlaryň birinden ylyma kesgitleme bermegini sorapdylar. Şonda ol: «Ylym ― hasylyny çöpläp bolýan ekin, hoşasyny ýygnap bolýan galla, miwesini dadyp bolýan daragtdyr, emma ol peýwagtyna ösýän düme ekini däldir. Ylym ― deňziň düýbündäki dür, çölüň astyndaky hazyna, dagyň gursagyndaky göwherdir, ýöne ol aňsat gazanylýan genç däldir. Ylym ― beýiklige göterilýän basgançak, maksada ýakynlaşdyrýan mümkinçilik, menzillere ýetirýän ýodadyr, ýöne ol ýadawsyz ötülýän ýol däldir» diýip jogap beripdir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeler oňyn miwelerini berýär. Bilim dünýäsinde ganat ýaýyp, ukyp-başarnygyny ylym-bilime sarp edýän ýaşlary göreniňde, olara bolan buýsanjyň artýar. Şeýle zehinli, bilimli ýaşlaryň ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de beýge göterilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna bolan ynamyň pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylymy we bilimi ösdürmek babatynda edýän taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwesini eçilýändigi türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki internet ulgamy arkaly geçirilýän ders, taslama bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Şeýle bäsleşikleriň ýeňijileriniň arasynda Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň okuwçylary hem bar. Olar indi birnäçe ýyldan bäri internetiň üsti bilen halkara ders bäsleşikleriniň birnäçesine gatnaşyp, uly üstünliklere mynasyp bolýarlar.