Italýan dilini öwrenýäris

21 Fewral 2021
1605

Ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde bolduk. Öňden rus we iňlis dilleri öwredilýän bu mekdepde şu okuw ýylynda italýan dili hem girizilipdir. Italiýa dünýä medeniýetiniň ösen ýurdy hasaplanylýar. Islendik halkyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmakda, ilki bilen ol ýurduň dilini bilmek ähmiýetli bolup durýar. Biz okuwçylaryň okuw kitaplary, iş depderleri bilen gyzyklandyk. Italýan dili 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 5-nji synpy üçin «Italýan dili» okuw kitaby, italýan dili iş depderi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çaphana usulynda taýýarlanypdyr. Bu mekdepde bolanymyzda, italýan dilini öwrenýän okuwçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Nurgözel ÝOMUTBAÝEWA,
5-nji synp okuwçysy:

«Güneş».