Uýa sözi janyňa melhem ýaly bolup eşidilýär. Çünki ol ýürekdeşiň, kalbyňa iň golaý ynsanlaryň biri. Şahyrda: «Ah, uýajyklarym, uýajyklarym, meni ömürboýy aýajaklarym» diýen setirler uýalaryň mähribanlygynyň, jana-janlygynyň nyşany bolup ýaňlanýar. Şol pursat olaryň baryndan bazar eýläp, daşyňda hozanak bolşy hoşuňa geler. Hakydaň bolsa dessine ejeli günleriň ýatlamalaryna berlersiň. Ejem bizi gözüniň röwşeni, ykbalynyň merjeni saýardy. «Gyzlarym—göwher genjim» diýip söýgülärdi. Öý-hojalyk işlerinde biz ejeme mydama kömek bererdik. Ýanlyk ýaýanda onuň her bir hereketini gözigidijilik bilen synlardyk.
Ejemiň keşbini, häsiýetlerini özünde jemleýän uýalaryma köňül hemdemim, arzyly ezizlerim diýýän. Olar bilen didarlaşmagyň özi hem ullakan bagt. Balalarynyň daşynda perwana bolup ýören uýalarymyň her biriniň hereketi ejem janyň bizi ulaltjak, kemala getirjek, il hataryna goşjak bolup yhlas edişini ýatladýar. Elbetde uýalarym meniň üçin mähriban käbämiň keşbi siňen ezizlerimdir. Olaryň owadan didary käbämiň ýürek ýylysy ýaly maňa juda ýakyn. Herdem-herdem oba gidip, çaý başynda guraýan uýa söhbetlerimiz meni birneme rahatlandyrýar, güýç-kuwwat berýär: