Röwşen geljegiň eýeleri

21 Fewral 2021
1174

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy hem-de ähli taraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin döredilen giň şertlerdir amatlyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

«Çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip, çaga hakdaky alada aýratyn ähmiýet gönükdirýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň ýüzlerçesi guruldy, ozaldan hereket edýänleriň durky döwrebaplaşdyrylyp, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa, körpe nesilleriň doly derejeli sazlaşykly ösüşi we terbiýelenilmegi, zehinlerini açyp görkezmegi üçin örän ähmiýetli bolup durýar.

Gülpamyk ŞAMMANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.